JEMGYÝET

Hemmeler “Atawatan Türkmenistan” Žurnalyny okaýar

Halkara “Atawatan Türkmenistan” Žurnalynyň her sany ýerli we daşary ýurtly okyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýar. Žurnalyň Aziýa Oýunlaryna bagyşlanan ýörite sany Türkmen milli Bedew baýramçylygynyň gutlanan günlerinde çapdan çykdy. Milli Bedew baýramçylygy sebäpli Halkara Ahalteke At toplumynda bellenilen dabarada “Atawatan Türkmenistan” Žurnalynyň paýlanşygy amala aşyryldy. Köp sanly ýerli we daşary ýurtly ýokary derejeli myhmanlara paýlanan Žurnalymyza uly isleg bildirildi. Dünýäniň her künjeginden gelen myhmanlaryň, Türkmenistanda iş alyp barýan işewürleriň we ilçileriň Žurnalymyzy uly gyzyklanma bilen okaýandyklary görüldi. Dabara gutaranyndan soňra köp sanly adamlaryň ellerinde Žurnalymyzy görmek guwandyryjy waka boldy.

Žurnalymyzyň üstünlikli çap edilmegine, Atawatan Türkmenistanymyzyň bütin dünýäde tanalmagyna goldaw beren Tepe Türkmen, Türk Howa Ýollary, Halil Avcı Grup, Nata Holding, Sabancı uniwersiteti, AO Smith Su Tehnologiýalary, Net Organization,  Schneider Electric, ArifiyeFıdancılık, Elden Ele, Makul Hyzmat Terjime Merkezine, Ahal Teke Danismanlik,  www.turkmenhabargullugy.com  ve www.turkmenlawyer.com    Hukuk ofisine we olaryň hormatly dolandyryjylaryna ýürekden sagbolsun aýdýarys.

 

 

Çeşme: Atawatan Türkmenistan Habarlar Agentligi  (ATHA)

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri