MEDENIÝET

Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Hökmüet mejlisinde Daşoguz welaýatynda Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Forumyň açylyş dabarasyny “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Festiwalyň çäklerinde dürli çäreleri, şol sanda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk konsertini, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, teatr artistleriniň sahna oýunlarynyň we filmleriň görkezilişini guramak meýilleşdirilýär. Myhmanlaryň “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasyna baryp görmekleri göz öňünde tutulýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goňşy Özbegistan bilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmegiň döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki döredijilik çäresiniň öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli türkmen-özbek gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady hem-de wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Related posts

Gyş möwsümi her ýyl ortaça 1 gün gysgalýar

«Awaza-2023» atly halkara tans we folklor festiwaly dabaraly açyldy

Gazagystanda we Gyrgyzystanda Magtymgula bagyşlanan dokumental filmler düşürilýär

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment