BILIM

Türkmen okuwçylary we talyplary 821 medal gazandy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylarydyr talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerinde ýokary netijeleri görkezip, jemi 821 medal gazandylar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzda halkara olimpiadalaryň we bäsleşikleriň 17-si, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 9-sy geçirildi. Hasabat döwründe ylmyň, tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça golýazmalar we oýlap tapyşlar seljerilip, şolaryň 2221-si makullanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy guramaçylykly geçirildi. Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şeýle hem hasabat döwründe amaly lukmançylyga öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen, 2024 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzda fiziologiýa ylmyny ösdürmek, lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş işi hem-de immuno-öňüni alyş boýunça möhüm resminamalar tassyklanyldy.

Ýene-de okaň

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Makul Sözlük: diller arasynda ygtybarly köpri

Dr.Döwran Orazgylyjov

Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» uniwersitetleriniň kongresi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar halkara matematika olimpiadasy 29 medal gazandylar

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi

“Ýaş inžener 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi