Aslynda onuň ýanyna başga bir makala üçin maglumat sorap bardym. Gelneje internetden bir zatlar görüp, gözüni ýaşlap otyr. Eýgilikmi?— diýdim.
— Hudaýa şükür, eýgilik, ýöne begenjimden gözüme ýaş geläýdi. Agtyjagym Aýhan robototehnika hem matematika — iki ugurdan halkara olimpiada gatnaşyp iki sany altyn medal aldy. Tolgunyp otyryn — diýdi. Aýhan Orazdurdyýew siziň agtygyňyzmydy, öň bu ýaş olimpiadaçylaryň halkara derejesinde geçiriljek olimpiada taýýarlyk görlüşi hakynda «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde ýazylypdy. Oguljemal gelneje, hany, menem wideoýazgyny göreýin — diýdim.
Internet sahypasynda onuň agtygy bilen daşary ýurtly žurnalistleň biri söhbetdeş bolup dur. Aýhan özüne berlen sowallara iňlisçe jogap berýär. Boýnunda-da goşa altyn medaly bar. Ýylgyryp duranja ýetginjegiň şatlygy ene hökmünde menem juda buýsandyrdy. Aýhan näçe ýaşynda, gelneje?
— Üçünji synpda okaýar.
Tüweleme, onuň bu üstünligi barada makala ýazmaly boljak — diýenimden Oguljemal gelneje:
— Ýeňiş gazanyp altyn, kümüş medal bilen sylaglanan okuwçylar başga-da kän. Olaryňam ata-eneleri, okaýan mekdeplerindäki mugallymlary meniň ýaly begenýändirler — diýdi.
Şeýlelik bilen bu halkara olimpiada bilen bagly anyk maglumatlaryň gözlegine çykdym. Degişli jogapkär ýolbaşçylarynyň biri ynha, şu ýazgyny berdi.
«Ýakynda iýun aýynyň 15-ne paýtagtymyzda Halkara XCEL olimpiadasynyň Milli tapgyrynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Ýurduň dürli mekdeplerinden we bilim merkezlerinden gatnaşan okuwçylar sertifikatlar bilen sylaglandy, ýeňijilere bolsa mynasyp bolan altyn, kümüş we bürünç medallary gowşyryldy. Şatlyk-şowhun bilen geçirilen dabara tolgundyryjy, buýsançly we ýürekden çykýan duýgular bilen uly ruhubelentlige beslendi. Sahna çykyp çykyş eden ene-atalar, halypalar we okuwçylaryň özi geljekki mümkinçiliklere bolan ynam bilen ruhlandyryjy gutlaglaryny beýan etdiler. Olimpiadanyň hemaýatkärleri ähli gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlaryny taýýarladylar, milli tapgyra niýetlenen medallar bolsa ýörite XCEL-iň halkara edarasyndan getirildi. Milli tapgyryň saýlama tapgyrlary 2024-nji ýylyň noýabr aýynda we 2025-nji ýylyň fewral aýynda onlaýn görnüşinde geçirilip, ylma, tehnologiýa, inženerçilik, matematika we sungata gyzyklanma bildirýän giň okuwçylar toparyny öz içine aldy. Şu ýylyň 1–7-nji iýunynda bolsa Türkmenistanyň topary XCEL olimpiadasynyň halkara tapgyryna gatnaşdy, ol dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan Kaliforniýa Uniwersitetinde (UCLA), Los-Anjelesde geçirildi. Bu bäsleşige 10 ýurtdan: Malaýziýa, Hytaý, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan, Alžir, Indoneziýa, ABŞ we Türkmenistandan okuwçylar gatnaşdylar. 250-den gowrak gatnaşyjylar dört ugurda: Matematika, Kognitiw ylymlar, Robototehnika we Sungat boýunça baýraklar ugrunda bäsleşdiler.
Türkmenistanyň topary ýokary netije görkezip, altyn, kümüş we bürünç medallary gazandy. Aýratynam ImdatBot bilim merkezi bilen Türkmenistanyň Hindi maglumat tehnologiýalary merkezi tarapyndan taýýarlanan robototehnika boýunça taslamalar halkara eminler tarapyndan ýokary baha aldylar.
Mekdep okuwçylarymyz beýleki ugurlarda hem ýokary netijeler görkezdiler. Matematika ýaly tradision güýçli ugurda altyn we kümüş medallar gazanyldy. Çuňňur pikirlenme, akyl prosessleri we emeli intellekt boýunça bilimleri talap edýän Kognitiw ylymlar ugurynda hem gatnaşýanlar altyn, kümüş we bürünç medallary eýelediler. Bu üstünlikleriň giň gerimliligi gatnaşyjylaryň toplumlaýyn taýýarlygyny we ýurdumyzda alnyp barylýan ýokary hilli bilim maksatnamalarynyň bardygyny görkezýär.
Türkmenistanyň toparynda Halkara tapgyrda aşakdaky bilim edaralarynyň okuwçylary gatnaşdylar:
Aşgabatdaky Halkara mekdebiň, A.S.Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki mekdebiniň, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen internat-mekdebiniň, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň, Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň hem-de 18-nji orta mekdebiniň okuwçylary aýratyn tapawutlandylar.
Olar bilen bilelikde tejribeli mugallymlar we tälimçiler: Türkmenistanyň Hindi maglumat tehnologiýalary merkezinden we IMDATBOT Robototehnika we Programmirleme merkezinden gatnaşdylar.
Medallardan daşary birnäçe gatnaşýan okuwçylar özleriniň taslamalarynyň innowasionlygy, tehnologiki kämilligi we amaly ähmiýeti üçin ýörite baýraklara mynasyp boldular. Bu bolsa ýaş türkmen alymlarynyň ýokary taýýarlygyny we uly geljeginiň bardygyny görkezýär.
XCEL olimpiadasy ylmy, tehnologiýany, inženerçiligi we matematikany (STEM) ösdürmekde zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we goldamaga gönükdirilen halkara bilim meýdançasy bolup durýar. Olimpiada 10 ýurdyň wekillerini birleşdirip, dünýäniň öňdebaryjy bilim jemgyýetleri tarapyndan ykrar edildi.
Türkmenistanyň toparynyň çykyşlary diňe bir milli buýsanç däl, eýsem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň we ylmy mümkinçilikleriniň ösüşine bolan uly goşant boldy. Şeýle halkara başlangyçlara gatnaşmak okuwçylaryň öňünde täze mümkinçilikleri açýar we sanly asyrda täze inženerleriň, alymlaryň we täzelikçileriň neslini taýýarlamaga ýardam edýär.
Ähli gatnaşanlary we ýeňijileri gutlaýarys! Goý bu üstünlik täze üstünlikleriň başlangyjy bolsun!».
Görşümiz ýaly hemme zat düşnükli. Bize diňe döwlet baýdagymyzy dünýäniň ýüzünde parladyp bilýän, geljekde has-da uly-uly üstünliklere eýe bolup biljek ýaş nesillerimiziň ýetişip gelýändiklerine buýsanmak galýar. Ýeňiji bolan ýaşlarymyzyň ählisine ýeneki ýyllarda-da täze ýeňişler hemra bolsun!
Akgül Saparowa.