BILIM

ÝUNFPA bilen ýaşlar syýasaty ugrundaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda EKOSOS ýaşlar forumynyň hem-de “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň” ikinji duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary ÝUNFPA-nyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Diýene Keýta bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da, demografik maglumatlarynyň toplumlaýyn meýilnamalaşdyrma we seljerme işlerinde ulanmak ugrundaky innowasion usullary meseleleri boýunça ÝUNFPA-nyň tejribesini öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, hyzmatdaşlygyň birnäçe ugrlary boýunça teklipler öňe sürüldi: 1) bilimi meýilnamalaşdyrmak üçin demografik maglumatlaryň seljerilişi boýunça sebitleýin okuw maksatnamasy; 2) ýaşlaryň zähmet bazarynyň üýtgäp durýan talaplaryna taýýarlygyny üpjün etmek üçin “21-nji asyryň başarnyklary” boýunça okuwlaryň guralmagy.

Diýene Keýta bu başlangyçlary durmuşa geçirmekde ÝUNFPA-nyň degişli hünärmenleriň kömegini bermäge taýyndygyny, “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň” bolsa bu taslamalaryň giňeldilmegine ýardam berjek giňişligiň bolup biljekdigini aýtdy. Diýene Keýta bu çäräniň ýokary guramaçylykly geçirilendigi üçin Türkmenistana öz minnetdarlygyny bildirip, ýurdumyzyň Pact for the Future ýaly halkara gün tertibine goşan goşandyny aýratyn nygtady we ÝUNFPA-nyň bilim we demografiýa ugurlarynda taslamalary giňeltmäge taýýardygyny we bu babatda hünärmenleriň gatnaşmagynda ýörite duşuşygy geçirmegini goldady.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde emeli aň boýunça täze ugurlar açylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar

Dalaşgär-2026: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Dalaşgär-2026: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Dalaşgär-2026: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty