SIZDEN GELENLER

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Hä­zir­ki dö­wür­de ýaş­la­ryň bi­lim öw­ren­mek­le­ri, kä­mil hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ylym-bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni düýp­gö­ter go­wu­lan­dyr­mak ýa­ly wa­jyp iş­ler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da uly ösüş­le­ri ga­zan­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry we ta­lyp­la­ry hal­ka­ra ders olim­pia­da­la­ry­na, bäs­le­şik­le­re yzy­gi­der­li gat­na­şyp, ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­kez­ýär­ler. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz hem şeý­le bäs­le­şik­le­riň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Ola­ra ýaş türk­me­nis­tan­ly­lar bi­len bir ha­tar­da, dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­rin­den okuw­çy­lar­dyr ta­lyp­la­ryň gat­naş­ma­gy ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

Ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitinde eden çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň uzak ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýa sebitinde netijeli bilim taslamalarydyr maksatnamalary durmuşa geçirýändigini nygtap belledi. Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky garaýyşlayny beýan etmek bilen, hünärment bilimi babatda bilelikdäki taslamany işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň Watanyň geljegini gurujylar bolup durýandygyny nygtaýar. Şonuň üçin ajaýyp zamanamyzda ylymly-bilimli, hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmeklige uly üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak, medeni hem-de aň-bilim, beden taýdan ösüşinde nusgalyk terbiýe, döwrebap bilim berilmegi, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegi, sagdyn durmuş kadalarynyň kemala getirilmegi «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» aýratyn ähmiýet berilýän ugurlar bolup durýar. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitleýän bu maksatnama giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesli kemala getirmekde möhüm orun eýeleýär.
Ýaşlara özüne bildirilýän uly ynamy ödemek ugrunda giň tagallalar edip, gatnaşýan halkara olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri bilen mynasyp jogap berýärler. Şeýle olimpiadalar yzygiderli geçirilip durulýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna” laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini we ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalardan ynamly baş çykarýandygyny görkezýär. Halkara olimpiada 18 döwletden 52 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 555 talyp işjeň gatnaşdylar.
Bilim ulgamyny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaşlaryň yzygiderli bilim, ylmy işler bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmasy häzirki zaman jemgyýetde intellektual zähmetiň abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň uzak ýyllara niýetlenen Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda çagalar baglary, döwrebap umumybilim berýän orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş öýleri yzygiderli gurulýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar, ýaşlar milli ruhda terbiýelenýär. Bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Jahan Begençmyradowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2NGPYD “B” toparynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Informatika we kompýuter tehnologiýasy

Maglumat tehnologiýalarynyň jemgyýetdäki orny we ähmiýeti

Döwletli ýörelgeler dünýä ýaýylýar

3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygy güni

Sagdynlyk – ýaşaýşyň bezegi

Taryhyň buýsançly sahypalary