DÜNÝÄ

Türkmen harytlary dostlugyň nyşany hökmünde Astrahana iberiler

Türkmenistan dostlugyňk we hoşniýetliligiň nyşany hökmünde öz önümlerini Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitine iberer. Bu barada degişli Buýruga hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Russiýanyň Astrahan sebitine dermanlar we lukmançylyk enjamlaryny, dokma önümlerini we azyk önümlerini muzdsuz bermek tabşyryldy. Bu önümler Türkmenistanyň söwda deňiz flotunyň gämisi bilen Türkmenbaşy-Astrahan gatnaw ugry boýunça Russiýanyň Hazar deňziniň kenaryndaky sebitine iberiler.

Türkmenistan döwletimiz mundan ozal, 2020-ni ýylyň maýynda Russiýanyň Astrahan sebitine dostlugyň we hoşniýetliligiň nyşany hökmünde öz önümlerini iberipdi.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Tokaýew we Putin sürüjisiz awtoulagyň gatnaw taslamasyna badalga berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen halkara suw maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Kubanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Germaniýanyň döwlet ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy