JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Edward bilen duşuşdy

Beýik Britaniýada saparda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Edward bilen duşuşdy. Şazada Edward Gahryman Arkadagymyzy britan topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz bu ýerde mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Şazada hormatly Prezidentimiziň iberen salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şazada Edward tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyzdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Duşuşykda Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk bilen bagly çäreleriň ýokary derejede guralandygyny belläp, munuň üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Atly sport çärelerine Türkmenistan bilen birlikde, 20 ýurtdan dürli atşynaslar atlary bilen gatnaşdylar. Milli Liderimiz bu çäräniň gözbaşyny 1943-nji ýyldan alyp gaýdýandygyny, ony geçirmek başlangyjyny Şazadanyň ejesi, merhum Şa zenany Ýelizaweta II-niň öňe sürendigini we tassyklandygyny ýatlady. Gahryman Arkadagymyz 1944-nji ýylda at çapyşyklaryna Ýelizaweta II-niň hem gatnaşyp, birinji orny eýeländigini we onuň ýanýoldaşy, Edinburgyň Gersogy Filippiň bolsa atly sportuň beýleki görnüşinde ikinji orny eýeläp, adyny taryha ýazdyrandygyny aýtdy. Şol wagt Şa zenany Ýelizaweta 17-18 ýaşlarynda eken.

Bu sözleri Şazada Edward uly tolgunma bilen kabul edip, ýakymly ýatlamalar we goýýan hormaty üçin Gahryman Arkadagymyza öz adyndan hem-de Karl III-niň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Milli Liderimiz duşuşykda 1956-njy ýylda ýurdumyzyň ussat atşynasy Babaly Taýmazowyň alyp gitmeginde Meleguş atly altynsow bedewiň Şa zenany Ýelizaweta II-ä sowgat berlendigine ünsi çekdi. Şonda aty görkezenlerinde, Ýelizaweta II oňa bir zadyň ýetmeýändigini aýdýar. Şol pursat ata eýerini, şaý-seplerini, beýleki esbaplary dakýarlar. Bu pursady synlan Şa zenany ýene-de bir zadyň ýetmeýändigini aýdanda, egnine gyrmyzy dony geýen, ak silkme telpekli ýigit ata atlanýar. Ýatdan çykmajak pursatlara nazary düşen Şa zenany: «Türkmenlerde at — ýigidi, ýigidem aty bezeýär» diýip, bu görnüşe haýran galypdyr. Hormatly Arkadagymyz şu wakany gürrüň berip, munuň şol döwürlerde-de behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şan-şöhratyndan habar berýändigini aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda Şazada Edward Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen gürrüňdeş boldy. O.Atabaýewa behişdi bedewler arkaly, ippoterapiýanyň kömegi bilen ylmy esasda mümkinçiligi çäkli çagalarda bejeriş işleriniň geçirilýändigini aýtdy. Bedewleriň ynsan saglygyna edýän oňyn täsiri halkymyzyň köpýyllyk tejribesiniň aýdyň beýanydyr. Şazada Edward şeýle tejribä uly gyzyklanma bildirdi we geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III-ä, şeýle hem Şazada Edwarda, onuň maşgalasyna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de halkymyzyň adyndan toý sowgatlaryny gowşurdy.

Milli Liderimiz Beýik Britaniýanyň Patyşasy we Şazadasy bilen bolan duşuşyklarda Patyşa maşgalasynyň agzalaryny şu ýyl ýurdumyzda giňden belleniljek Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna hem-de behişdi bedewlerimiz bilen bagly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Bu çakylyklar uly hormat bilen kabul edildi.

Şazada Edward Gahryman Arkadagymyz bilen geçirilen gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň taryhyna täze sahypany ýazjakdygyny belledi we munuň üçin hoşallyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Bakudaky WUF13 forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi