Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün siz üçin gaty bir ýeňil bolmadyk synagly pursatlara baý bolup biler, emma bu ähli kynçylyklary ýeke özüňiz götermeli diýmek däldir. Daş-töweregiňizde doly ynanmaga we bil baglamaga laýyk adamlar tapylar. Eger-de wagtynda olaryň goldawyndan peýdalanyp bilseňiz, köp güýç we gymmatly wagt tygşytlarsyňyz. Şonuň üçin hem içki sesinňize gulak asyň ol size  günüň başynda kimden ygtybarly hyzmatdaş çykjakdygyny, kimiň bolsa gapma-garşylykly ýagdaýlary döretjekdigini öňünden duýdurar. Hatda käbir adamlar size ýagşylyk etmek isleseler-de, netijede peýdadan gaty köp zyýan getirip bilerler.Mundan başga-da, täze tanyşlyklaryň ýüze çykmagy gaty ahmal. Olar size ýarar, emma diňe iş däl, eýsem şahsy gatnaşyklarda-da ätiýaçlylygy elden bermezlik maslahat berilýär. Eger täze tanyşan adamyňyz size ilkinji pursatdan göwün beren bolsa-da, oňa bütin syrlaryňyzy açmaga we taslamalaryna maýa goýmaga howlukmaň. Biraz saldamly ýagdaýa syn ediň. Sebäbi kimdir biriniň siziň ynamyňyzdan betniýetli maksatlar bilen peýdalanmaga synanyşmak howpy bar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu  gün  çylşyrymly meseleleriňiziň  çözgüdini düýbünden başga ýerden gözlemän, eýsem ýüzleý görünýän faktlara esaslansaňyz   olary aňsatlyk bilen ýola goýup bilersiňiz. Islendik kynçylygyň düýp sebäplerini anyklamak we maksadyňyza tarap ilkinji adimleri  ätmegiň  wagty geldi. Siz öz tejribäňize we bilimiňize  bil baglasaňyz islendik netijäni  dogry kabul etmegiňize ýardam eder. Häzirki wagtda çuňňur oýlanmak hem-de täze   ideýalaryňyzy töweregiňizdäki adamlar bilen ara alyp maslahatlaşmak örän wajypdyr. Bu döredijilikli we utgaşykly çemeleşme, ýakynda düşünişmezlik dörän käbir şahsyýetler bilen gatnaşyklaryňyzy täzeden kadalaşdyrmaga hem amatly mümkinçilikleri açar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu günki gün Jöwzalar üçin belli bir derejede çylşyrymly geçip biler. Häzirki wagtda emele gelen ýagdaýlar kararlary kabul etmekde diňe bir şahsy tejribä däl, eýsem ygtybarly hyzmatdaşlara we içerki duýgurlyga  daýanmagy talap eder.Gatnaşyklaryňyzda  sizi ýakyndan tanaýan adamlaryň maslahatyna gulak asmak maslahat berilýär. Täze tanyşlyklar babatda bolsa ätiýaçly bolmaly şahsy syrlaryňyzy ýa-da maliýe meýilnamalaryňyzy durmuşyňyzda  täze peýda bolan adamlara  çalt ynanmakdan saklanmagyňyz zerurdyr.Günüň ikinji ýarymynda täze zatlary öwrenmäge höwesiňiz artar. Käbir arzuwlaryňyz amala aşar we ýakynlaryňyzdan gowy habarlary eşidersiňiz.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün asuda ýagdaýda işlemek size has amatly bolar. Irden meýilleşdirilen işleriňizi üstünlikli ýerine ýetirersiňiz. Maliýe babatda gowy mümkinçilik ýüze çykyp biler. Köne tanyşlaryňyz bilen garaşylmadyk duşuşyk bolup biler. Ýakynlaryňyzyň hoşniýetli sözleri sizi begendirer. Günüň dowamynda özüňizi ynamly duýarsyňyz. Täze başlangyçlar üçin amatly pursat dörär. Käbir meselelerde içki duýgyňyza bil baglamaly bolarsyňyz. Iş ýerinde sabyrlylygyňyz ýokary baha alar. Agşam wagty rahat dynç almak peýdaly bolar. Bir möhüm habaryň gelmegi hem  mümkin.

 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün işleriňize uly höwes bilen başlarsyňyz. Öň goýlan maksatlaryňyz has aýdyň görünip başlarsyňyz. Töweregiňizdäki adamlar sizden ylham alyp bilerler. Günüň dowamynda birnäçe gyzykly habarlary eşidersiňiz. Kiçi üstünlikler hem ruhuňyzy göterer. Maliýe meselelerinde howlukmazlyk maslahat berilýär. Ýakyn dostuňyz bilen möhüm gürrüň bolup biler. Täze pikirler döredijilik ukybyňyzy güýçlendirer. Agşam wagty özüňize wagt aýyrmak peýdaly bolar. Uzak wagt bäri pikir edýän meseläňiz çözgüt tapyp biler. Duýgularyňyzy açyk beýan etmek ýeňillik dörär. Käbir adamlar sizden maslahat sorap biler. Energiýaňyz köp işe ýetmäge mümkinçilik döreder. Iş ýerinde täze mümkinçilikler peýda bolar. Öňki ýalňyşlyklardan dogry netije çykarmaly bolarsyňyz.Günüň ikinji ýarymy has şowly geçer. Gysga syýahat göwnüňizi açyp biler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler üçin bu gün takyklygy, meýilnamalaşdyrmany we professional çemeleşmäni talap edýän günleriň biridir. Islendik işde jikme-jikliklere üns bermek we emosional durnuklylygy saklamak üstünligiň esasy açary bolar.Şeýle hem  bu  gün öňde goýlan wezipeleriňizi  ýerine ýetirmekde adaty amallardan we anyk tertip-düzgünden çykmaly däldir. Öz işiňizi dogry alyp barmak, emele gelip biljek ownuk düşünişmezlikleriň öňüni almaga kömek eder. Özüňize bolan ynamy saklaň we başgalaryň goşulmagyna ýol bermäň.Aragatnaşykda  gödek hereketleri edýän adamlara  duş gelmegiňiz hem ahmal. Şeýle ýagdaýlarda jedelleşmekden we emosional reaksiýa bermekden gaça duruň.Günüň ikinji ýarymynda sabyrlylygyňyz we takyklygyňyz saýasynda, meýilleşdirilen taslamalaryňyzy günüň ahyryna çenli şowly tamamlamagy başararsyňyz.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün adamlara täsir etmek ukybyňyz has güýçli bolar. Islendik gepleşikde öz pikirleriňizi ynamly gorap bilersiňiz. Täze tanyşlyklar geljekde peýdaly bolup biler. Irden gelen habar sizi ruhlandyrar. Günüň dowamynda köp adam bilen duşuşmaly bolarsyňyz. Söýgi gatnaşyklarynda ýakymly pursatlar garaşýar. Käbir meselelerde ylalaşyk gazanmak ýeňil bolar. Dostlaryňyz bilen geçirilen wagt keýpiňizi göterer. Maliýe ýagdaýynda ownuk ösüş duýulýar. Bir arzuwyňyz amala aşmaga golaýlaşar. Agşam wagty romantik ýagdaý dörär  we  özüňizi has erkin we ynamly duýarsyňyz. Uzak wagt bäri başlanmadyk işi tamamlap bilersiňiz. Käbir adamlaryň goldawy size güýç berer. Döredijilik ukybyňyz täze mümkinçilik açar. Günüň dowamynda hoş sözler köp eşidersiňiz. Ýüregiňizde täze umyt peýda bolýar. Bir möhüm karar durmuşyňyza  uly täsir edip biler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün duýgularyňyz has güýçli bolar. Käbir adamlaryň hakyky niýetini aňsatlyk bilen duýup bilersiňiz. Irden başlanan işler üstünlikli dowam eder. Gizlin saklanan maglumat ýüze çykyp biler. Günüň dowamynda garaşylmadyk ýagdaýlar bolar. Özüňize bolan ynamyňyz artar. Maliýe meselelerinde täze mümkinçilik peýda bolýar. Ýakynlaryňyz bilen açyk gürrüň etmek peýdaly bolar. Käbir köne meseleler çözülip başlar. Agşam wagty asuda dynç almak islärsiňiz. Bir duşuşyk sizde uly täsir galdyryp biler. Söýgi gatnaşyklarynda täze duýgular  peýda bolar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12) 

Bu gün erkinlik duýgusy size aýratyn güýç berer. Täze ýerleri görmek arzuwy güýçlenip biler. Irden keýpiňiz ýokary bolar. Dostlaryňyz bilen gyzykly planlar dörär. Bir möhüm habar sizi begendirip biler. Günüň dowamynda köp hereket etmeli bolarsyňyz. Täze başlangyçlar üstünlik getirer. Maliýe babatda şowly pursatlar ýüze çykar. Käbir meselelerde töwekgelçilik etmek peýdaly bolar. Agşam wagty şatlykly duşuşyk garaşýar. Döredijilik pikirleriňiz beýlekileri haýran galdyrar. Ýüregiňizde täze maksatlar peýda bolar. Köne arzuwlaryňyza gaýdyp dolanyp bilersiňiz. Günüň dowamynda garaşylmadyk sowgat alyp bilersiňiz. Ýakyn adamlaryňyz size goldaw bererler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün ähli işleriňizi tertip bilen ýerine ýetirmek islärsiňiz. Jogapkärçilikli meseleler üstünlikli çözüler. Irden gelen habar meýilnamalaryňyzy üýtgedip biler. Iş ýerinde zähmetiňiz ýokary baha alar. Maliýe ýagdaýynda oňyn üýtgeşmeler duýulýar. Käbir adamlaryň hormaty size güýç berer. Günüň dowamynda täze pikirler peýda bolar. Uzak wagt bäri başlanmadyk iş öňe ilerläp biler. Sabyrlylygyňyz ähli päsgelçilikleri ýeňmäge kömek eder. Agşam wagty maşgala bilen bolmak size rahatlyk berer. Dostlaryňyz bilen söhbet göwnüňizi açar. Bir möhüm duşuşyk peýdaly netije getirip biler. Kalbyňyzda täze maksatlar döreýär. Käbir köne meseleler doly tamamlanar. Günüň dowamynda özüňizi ynamly duýarsyňyz. Özüňize bolan talapkärlik üstünliklweri getirer. Ýakyn adamlaryň goldawy sizi ruhlandyrar. Täze mümkinçilikler garaşyşyňyzdan çalt peýda bolup biler.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün täzeliklere bolan gyzyklanmaňyz güýçlener. Garaşylmadyk pikirler üstünlik getirip biler. Irden özüňizi ruhubelent duýarsyňyz. Dostlaryňyz bilen gyzykly gürrüňler bolar. Täze tanyşlyklar peýdaly bolup biler. Günüň dowamynda döredijilik ukybyňyz artar. Käbir adamlaryň goldawy garaşylmadyk bolar. Iş ýerinde täze mümkinçilik peýda bolýar. Maliýe meselelerinde şowly pursat garaşýar. Agşam wagty özüňize wagt aýyrmak islärsiňiz. Uzak wagt bäri arzuw edýän zadyňyz ýadyňyza düşer. Bir möhüm habar sizi begendirer. Günüň dowamynda köp hereket etmek peýdaly bolar. Täze taslamalar uly höwes döreder. Ýüregiňizde erkinlik duýgusy güýçlener.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün duýgularyňyz has näzik bolar. Irden gelen hoş habar keýpiňizi göterer. Ýakyn adamlaryňyz bilen düşünişmek ýeňil bolar. Döredijilik işlerinde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Günüň dowamynda özüňizi rahat duýarsyňyz. Bir arzuwyňyz amala aşmaga golaýlaşýar. Agşam wagty romantik ýagdaýlar mümkin. Käbir adamlaryň hoşniýetli sözleri sizi ruhlandyrar. Maliýe meselelerinde seresaplyk peýdaly bolar. Täze pikirler durmuşyňyza reňk goşar. Kalbyňyzda asudalyk duýgusy güýçlener. Günüň dowamynda birnäçe ýakymly duşuşyklar bolup biler. Dostlaryňyzdan goldaw alarsyňyz. Köne aladalar kem-kemden ýatdan çykar. Uzak wagt bäri pikir edýän meseläňiz çözgüt tapar. Günüň ikinji ýarymynda  saglygyňyza  üns bermek maslahat berilýär.