JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri önümçilik toplumlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we binalaryň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda bu ýerde guruljak binalaryň we kärhanalaryň taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Related posts

Putin: GDA-nyň çäklerinde durnukly ösüş gazanylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewüri Ahmet Çalygy kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana gynanç hatyny iberdi