DÜNÝÄ

Türkmen diplomatlary Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Gurbanow we Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsuly Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi Ýakup Ali Nazari bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsullygynyň resmi “Instagram” sahypasynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň başynda welaýatyň häkimi Ý.Nazari bütin türkmen halkyny ýetip gelýän Türkmenistanyň garaşsyzlyk baýramçylygynyň 31 ýyllygy bilen gyzgyn gutlagyny ýetirdi.

Duşuşykda taraplar sebitara hyzmatdaşyk babatda belläp, Horasan Rezawi welaýaty bilen Mary welaýatynyň arasynda gatnaşyklaryň ösüşi hem-de bu gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça gün tertipdäki möhüm ugurlar hakynda pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar