BIZNES

Dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalanyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $16,9 million bolan 5 geleşik baglaşdy. Bu barada biržanyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Gangonkyň we Owganystanyň wekilleri umymy bahasy $7,3 million deň bolan gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň jemi 7,4 müň tonnasyny satyn aldylar. Harydyň bahasy ozal geçirilen söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 11% pese düşdi hem-de bir tonnasynyň bahasy $997,25 deň boldy.

Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjynyň 10 müň tonnasyny satyn almak üçin geleşikleri baglaşdylar. Nebit önüminiň bahasy ozal baglaşylan şertnamalar bilen deňeşdirilende, 16,7% pese düşdi hem-de bir tonnasynyň bahasy $953,25 deň boldy.

Related posts

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berler

Täsin ýüzük Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Ata Watan Eserleri

Çin petrol şirketinden Türkmenistan’a 7 milyar dolarlık yatırım

vepa