DÜNÝÄ

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Khales bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we onuň giňeltmek bilen bagly birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda, 2023-nji ýylyň 30-31-nji maýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana amala aşyran saparynyň ähmiýeti nygtaldy we bu saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi barada umumy pikir beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda R.Meredow Eýranyň ilçisine türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmekde alyp baran işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekki işinde üstünlik arzuw etdi.

Eýranyň ilçisi hem öz gezeginde Türkmenistanda diplomatik missiýasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw we ýardam berendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi

Azerbaýjan we Merkezi Aziýa ýurtlary howa boýunça bilelikdäki beýannama kabul etdiler