DÜNÝÄ

Azerbaýjan Türkmenistana täze ilçi belledi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gol çeken kararyna laýyklykda, Azerbaýjan Türkmenistana täze ilçi belledi. Resminama laýyklykda, Gismet Fizuli ogly Gezalow Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi.

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi  Gasan Sultan ogly Zeýnalow ilçi wezipesinden boşadyldy.

Şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Hytaýa we Yraga täze ilçiler belledi.

Azerbaýjanyň Türkmenistana täze bellenen ilçisi Gismet Gezalow mundna ozal, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary wezipesinde işledi.

Related posts

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Rustami Emomalini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň daşary işler ministri Türkmenistana geler

Türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi