JEMGYÝET

Türkiýäniň bilim ministri Türkmenistanda saparda boldy

Türkiýe Respublikasynyň milli bilim ministri Ýusuf Tekiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda saparda boldy.

Türkiýäniň bilim ministri Ýusuf Tekin Aşgabada saparyny paýtagtymyzdaky bilelikdäki türkmen-türk mekdebine baryp görmek bilen başlady. Soňra Türkiýäniň bilim ministri Ýusuf Tekiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa bilen duşuşygy boldy. Oňa Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew hem gatnaşdy.

Bu duşuşykda bilim ulgamyndaky türkmen-türk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda gazanylan ösüşleri birek-birege paýlaşmak babatda ylalaşdylar.

Türkiýe Respublikasynyň milli bilim ministri Ýusuf Tekiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet saparynyň ikinji gününde Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän II Halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabara gatnaşmakdan ozal türkiýe myhman daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiniň alyp brýan işleri bilen tanyşdy. Mekdebiň girelgesinde mekdep okuwçylarynyň dürli halkara bilim olimpiadalarynda gazanan üstünlikleriniň sergisi guraldy. Sergi bilen tanyşlygyň barşynda Türkiýäniň bilim ministri Ýusuf Tekin türkmen mekdep okuwçylarynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdy.

Soňra türkiýe myhmanlar mekdebiň başlangyç synpyna hem-de himiýa synpyna baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlara dersleriň okadylyşy hem-de okatmagyň innowasion usullaryndan ýerlikli peýdalanmak babatda edilýän işler barada maglumat berildi.

Türkiýäniň bilim ministri Ýusuf Tekin mekdep bilen tanyşlykdan hoşal bolup, iki ýurduň bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda ähli tagallalaryň ediljekdigini belledi.

Soňra türkiýe myhmanlar halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdylar we Türkiýäniň bilim ministri Ýusuf Tekin bilim bäsleşiginde altyn medal gazanan okuwçylara baýraklaryny gowşurdy.

 

Türkmen okuwçylary halkara matematika olimpiadasynda 31 medal gazandy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar