JEMGYÝET

Türkmen okuwçylary halkara matematika olimpiadasynda 31 medal gazandy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Bu halkara bilim bäsleşiginiň netijeleriniň jemlenmegine bagyşlanan dabara täsirli wakalara baý boldy.

Aşgabat şäherindäki 131-nji mekdepde şu ýylyň 21-26-njy apreli aralygynda II Halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa dünýäniň 15-den gowrak döwletinden 200-den gowrak mekdep okuwçylary gatnaşdy.

Bassyr 2 ýyldan bäri Türkmenistan döwletimiz halkara matematika olimpiadasy kabul edýär. Geçen ýyl Arkadag şäherinde geçirilen bu halkara olimpiadasy üstümizdäki ýylda paýtagtymyz Aşgabatda geçirildi.

Şu gün halkara olimpiadanyň jemleri jemledi. 131-nji mekdebiň mejlisler zalynda geçirilen dabara Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew hem-de dabaranyň hormatly myhmany bolan Türkiýe Respublikasynyň milli bilim ministri Ýusuf Tekiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Dabarada ilki bilen Türkiýe Respublikasynyň milli bilim ministri Ýusuf Tekine söz berildi. Ol türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşine uly kanagatlanma bildirip, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyp goldaw-hemaýatlary bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla etjekdiklerini belledi.

Soňra halkara bilim bäsleşigine gatnaşmak üçin gelen ýurtlaryň topar ýolbaşçylary çykyş edip, şeýle guramaçylykly bäsleşigi gurnandygy üçin Türkmenistan döwletimize öz hoşallyklaryny bildirdi.

Dabaranyň ajaýyp pursady gelip ýetdi. Ilki bilen bäsleşikde bürünç medala mynasyp bolan mekdep okuwçylary sahna çagyryldy we olara baýraklary gowşuryldy.

Soňra kümüş hem-de altyn medalyň eýeleri baýraklarynyň eýeleri boldy. Altyn medal gazanan mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli bilim ministri Ýusuf Tekin baýraklaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bu halkara bäsleşigine işjeň gatnaşyp, 5 altyn, 9 kümüş we 17 bürünç medal gazandy. Türkmen mekdep okuwçylary umumylykda gazanan medallarynyň sany 31-e deň boldy.

Bäsleşikde toparlaýyn derejede Wýetnam 6 altyn medal bilen birinji orna, Türkmenistan 5 altyn bilen ikinji orna, Özbegistan bilen Hytaý 4 altyn medal bilen üçünji orna eýe boldular.

Şeýle hem bäsleşikde Saud Arabystany, Katar, Türkiýe, Eýran, Ermenistan, Belarus, Täjigistan we beýleki döwletlerden gelen mekdep okuwçylary baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

 

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergisi geçirilýär

Türkmenistan-Türkiýe: bilim hyzmatdaşlygynda täze teklipler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy