JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy sport ulagyny synagdan geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi hem-de bu ýerde merkeze täze gelip gowşan sport ulagyny synagdan geçirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Sport-ulag merkezine täze gelip gowşan häzirki zaman sport ulagynyň özboluşly aýratynlyklary hem-de onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport halklarydyr ýurtlary jebisleşdirmek bilen, bütin dünýäde durnuklylygy, parahatçylygy üpjün etmäge ýardam berýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýokary halkara görkezijilere laýyklykda enjamlaşdyrylan täze sport ulagynyň tizlik aýratynlygyny we beýleki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Täze sport ulagynyň gelip gowuşmagy merkeziň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini, Türkmenistanda awtomobil sportunyň ösdürilmegine döwlet derejesinde üns berilýändigini görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, 2009-njy ýylda Kazan — Aşgabat ugry boýunça “Ýüpek ýoly — 2009” atly halkara awtorallisi geçirildi. Türkmen türgenleri birnäçe halkara ýaryşlara gatnaşdylar we ýokary netijeleri gazandylar. Mundan başga-da, şu ýylyň 6 — 15-nji iýuly aralygynda Kazan — Moskwa ugry boýunça “Ýüpek ýoly — 2023” atly halkara awtorallisi geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabatda 2027-2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagty yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 4 milliard dollardan geçdi

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Moskwada geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri