DÜNÝÄ

Türki döwletleriň guramasynyň 12-nji resmi sammiti Azerbaýjanda geçiriler

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň daşary işler, söwda, ykdysadyýet we ulag ministrleriniň 2-nji üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. bu duşuşyk boýunça üç ýurduň daşary işler ministrleri Hakan Fidan, Jeýhun Baýramow hem-de Bahtiýor Saidow metbugat ýygnagyny geçirdi.

Şol metbugat ýygnagynda Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Türki döwletleriň guramasynyň 12-nji resmi sammitiniň Azerbaýjanda geçiriljekdigini habar berdi. Onuň bellemegine görä,  guramanyň resmi däl sammitini Wengriýada geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň daşary işler, söwda, ykdysadyýet we ulag ministrleriniň 3-nji üçtaraplaýyn duşuşygyny Bakuda guramak meýilleşdirildi.

Related posts

Olaryň goranyşy nusgalyk

Ata Watan Eserleri

Migrasiýa Gullugy : Lebap welaýatynyň Ýaşaýjylary

vepa

Şweýsariýada täze prezident bellendi