DÜNÝÄ

ABŞ-da uçar heläkçiligi boldy

ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda uçar heläkçiligi boldy. Harby dikuçar bilen ýolagçy uçarynyň çaknyşmagy esasynda heläkçilik bolup geçdi we ilkinji maglumatlara görä, 19 ýolagçynyň aradan çykandygy bellenilýär.

Waşingtonuň Ronald Reýgan adyndaky howa menziliniň golaýynda asman giňişliginde “American Airlines” awiakompaniýasyna degişli uçar bilen “Blackhawk” harby dikuçary çaknyşdy.

Pentagonyň habar bermegine görä, ABŞ-nyň 40 kilometr golaýyndaky harby bazasyndan ýokary göterilen harby dikuçar türgenleşik uçuşyny amala aşyrýan eken. dikuçarda 3 sany harby uçarman bar.

Bu heläkçilik soňky onýyllygyň iň uly uçar heläkçiliginiň biri bolup biljekdigi belenilýär. Mundan ozal, 1982-nji ýylda “Air Florida” awiakompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrap, 78 adam aradan çykypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy