DÜNÝÄ

Gyrgyzystan ilkinji ekologiýa taýdan amatly şäher gurlar

Gyrgyzystanda “Kemin-city” diýlip atlandyrylýan ilkinji ekologiýa taýdan arassa şäher gurmagy meýilleşdirýärler. Bu barada degişli karara ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow gol çekdi.

Meýdany 353,3 gektar bolan Çuý sebitiniň Kemin etrabynyň çäginde ýerleşer.

Kemin şäheriniň gurluşygy baradaky taslama geçen ýylyň 1-nji iýunynda taýýarlanypdy.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady ösüşi üçin şertler döreder we durmuş durnuklylyk derejesini ýokarlandyrar diýlip garaşylýar.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli Kemin-Siti ekologiýa taýdan arassa şäher gurmak konsepsiýasny işläp düzmek hem-de tassyklamak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, maýadarlar bilen gepleşikler geçirmek we ekologiýa taýdan arassa Kemin-Siti şäheriniň gurluşygy üçin maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek barada degişli maýa goýum şertnamasyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti “DÖM pursady” atly ýokary derejeli çärä gatnaşdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Merkezi Aziýa-ABŞ: “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meýdançasy