DÜNÝÄ

Türkmenistanyň DIM-inde BAE-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen BAE-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmak maksady bilen taraplar geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri bilelikde guramak we iki ýurduň wekiliýetleriniň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine garadylar.

Related posts

ABBASİ: TAPİ Projesini Desteğimiz Tam

vepa

An exhibition of export products of Turkey is held in Ashgabat

vepa

Halkara guramalaryndan Türkmenistana ýokary baha