BILIM

Türk uniwersitetleri dünýädäki ornuny güýçlendirýär

Türkiýe Respublikasynyň Ýokary Bilim Geňeşiň (YÖK) başlygy Erol Özwar Türkiýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň “QS (Quacquarelli Symonds) 2025” bütindünýä reýtinginde uly üstünlik gazanandygyny mälim etdi.
– Biziň 5 uniwersitetimiz dünýäniň iň gowy 500 uniwersitetiniň hataryna girmäge başardy. Orta Gündogar Tehniki Uniwersiteti (OGTU) 285-nji orny, Stambul Tehniki Uniwersiteti (STU) bolsa 326-njy orny eýeledi – diýip, Özwar belledi.
Mundan başga-da, 11 ylmy-barlag uniwersitetimiz iň gowy 1000 uniwersitetiň hataryna girdi we Türkiýäniň ýokary bilimdäki global üstünliklerini ýene-de bir gezek tassyklady.
Özwar bu durnukly ösüşiň geljek ýyllarda hem dowam etjekdigine ynanýandygyny belledi.

Related posts

2025-2026-njy okuw ýyly üçin “FLEX” maksatnamasynyň bäsleşigi

Ata Watan Eserleri

Türkiýede talyp haky bilen bilim : 2022

Robotlaryň olimpiadasy: mekdep okuwçylarymyz Panamada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar