JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Astanada bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň maksatnamasyny german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Astananyň gözel künjeginde ýerleşýän «Garaşsyzlyk» köşgünde guralan duşuşyga GFR-iň resmi we işewürler wekiliýetleriniň agzalaryndan ybarat bolan 20-ä golaý wekil gatnaşdy.

Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar. Olar himiýa senagatynyň we dokma senagatynyň, oba hojalyk pudagynyň önümleri we ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply beýleki harytlardyr. Işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen, söwda öýlerini döretmegi, german bazarynyň bölümleriniň açylmagyny goldaýarys. Germaniýanyň hususy we döwlet edaralaryndan şeýle meýilnamalara goldaw berilmegine garaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu meseleleri şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Berlinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisiniň gün tertibine girizmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz, umuman, söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň Germaniýa bilen bilelikdäki işlere gyzyklanma bildirýändigini we oňa hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Soňra GFR-iň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän goldawy we jogapkärli çemeleşmesi üçin hoşallyk bildirdiler hem-de Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň, daşary ýurtly işewürler üçin berilýän ýeňillikleriň ähli ugurlar boýunça bilelikde üstünlikli işlemek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.

Ýene-de okaň

Hytaýyň wise-premýeri: “Galkynyş” gaz käni türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň hyzmatdaşlygy boýunça ähtnama gol çekdi

Din Sýuesýan: Hytaý Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygynyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna badalga berdi

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy