BILIM

Türkiýe-Azerbaýjan uniwersiteti açylar

Türkiýe Respublikasynyň Ýokary Bilim Geňeşiniň (ÝOK) başlygy Erol Özwar 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde Türkiýe-Azerbaýjan uniwersitetiniň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini habar berdi. 2024-2025-nji okuw ýylynda Azerbaýjan Respublikasynda ýene-de bir uly ýokary okuw mekdebi talyplarya giňden gapysyny açýar.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda açyljak täze uniwersitet türk bilim ulgamy boýunça talyplara bilim berer. Türkiýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri bolan Orta Gündogar tehniki uniwersiteti, Stambul tehniki uniwersiteti hem-de Hajettepe uniwersitetleriniň okuw maksatnamalary bu uniwersitetiň çäginde ýerleşdiriler.
Bu täze uniwersitet halkara hyzmatdaşlygyň täze bir nusgasy hökmünde işläp başlar. Özwar bu nusgany geljek ýyllarda başga ýurtlara hem ýaýbaňlandyrmagy meýilleşdirýändiklerini belläp geçdi.

Related posts

Aşgabatda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

«Bolaşak» maksatnamasy boýunça müňlerçe gazagystanly dünýäniň iň abraýly uniwersitetlerinde mugt okaýar

Dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda ýurtlaryň orny