DÜNÝÄ

Täjigistan bilen Müsür hyzmatdaşlygyny berkidýär

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Müsür Arap Respublikasynda resmi saparda boldy. Saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň barşynda senagatdan syýahatçylyk pudagyna çenli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

– Täjigistan-Müsür hökümetara ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk toparynyň,  Täjigistan-Müsür işewürler forumyny geçirmek we iki ýurduň işewürler geňeşini döretmek boýunça işleriniň güýçlendirilmegi ykdysady we jemgyýetçilik hyzmatdaşlygyny giňeltmekde möhüm rol oýnar “- diýip, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdul-Fattah As-Sisi belläp geçdi.

Prezidentleriň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde resmi wekiliýetleriň wekilleri hyzmatdaşlyk barada bäş resminama gol çekdiler. Dürli pudaklarda hyzmatdaşlyk güýçlendiriler, esasan hem oba hojalygy, sport we bilim babatda ylalaşyklar gazanyldy.

Işewür forumyň netijesinde iki ýurduň telekeçileri dürli ugurlar boýunça 11 hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler.

 

Moskwa-Aşgabat-Moskwa uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Related posts

Saçynyň uzynlygy 5 metr

Eýranyň Prezidentiniň Aşgabada sapary meýilleşdirilýär

Aral deňziniň basseýininde ýerleşýän ýurtlara kömek

vepa