SPORT

Soñky 25 ýylyñ iñ gowy oýunçysy saýlanyldy

Ispaniýanyň “Barselona” futbol toparynyň hüjümçisi Lionel Messi 1995-nji-2020-nji ýyllar aralygynyň iň gowy futbolçylaryň sanawynda birinji boldy. Bu sanaw “FourFourTwo” sport portaly tarapyndan taýýarlandy.

Sanawda ikinji orny Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň oýunçysy Kristiano Ronaldo eýeledi. Üçünji orny bolsa dürli toparlarda oýnan, häzirki wagtda “Real Madrid” toparynyň tälimçisi Zinedin Zidan eýeledi.

Dördünji orunda bolsa bir döwür “Barselona”, “​​Real Madrid”, “Inter” we “Milan” toparlarynyň düzüminde oýnan hem-de Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen iki gezek dünýä çempiony bolan Ronaldo görkezildi.

Soňky 25 ýyllyk iň oňat bäşinji oýunçy bolsa “PSG”, “Barselona” we “Milan” toparlarynyň düzüminde çykyş eden braziliýaly Ronaldinýo boldy.

Şeýle hem Týerri Anri, Hawi, Andres Iniesta, Paolo Maldini we Roberto Badžo ýaly oýunçylar iň ökde futbolçylaryň hatarynda görkezildi.

Related posts

Italiýanyň Naýbaşy kubogyny “Inter” gazandy

Ata Watan Eserleri

Boksçy Floýd Maýweýzer indiki tutluşygyny mälim etdi

Ata Watan Eserleri

Tähranda Halkara Nowruz oýunlary geçirilýär