JEMGYÝET

Hapa gazlaryň howa goýberilmeginde taryhy pese gaçyş

“COVID-19” sebäpli haýallaýan ykdysady işler sebäpli, global uglerod zyňyndylarynyň azalmagynyň  hemişelik gazanylmagy üçin has täsirli syýasatlary işläp düzmek zerurlygy emele gelýär.

“COVID-19” wirusynyň bütin dünýäde ýaýramagynyň öňüni almak üçin görülýän çäreler, nebite bolan islegiň ep-esli azalmagyna sebäp boldy. Köp adamyň öýünde galmagy, elektrik toguna bolan islegiň azalmagy, köp sanly senagat kärhanalarynyň, esasanam kömür zawodlarynyň işiniň haýallamagy, syýahat çäklendirmeleriň ýüze çykmagy we ulag gatnawynyň azalmagy uglerod zyňyndylarynyň azalmagyna sebäp boldy.

Angliýada ýerleşýän kompaniýanyň maglumatlaryna görä, “COVID-19” wirusy sebäpli ykdysady çökgünligiň netijesinde global uglerod zyňyndylary şu ýyl 5,5 göterim azalyp, 2 milliard tonna çenli azalar. Bu görkeziji global uglerod zyňyndylarynyň iň köp derejede azalmagy hökmünde hasaba alnar.

Related posts

Iň gadymy merwerit daşy

vepa

Aşgabatda suw meseleleri boýunça sebit maslahaty geçiriler

vepa

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbedäki Halkara zergärçilik sergisine gatnaşýar