SPORT

“Instagramda” 500 million yzarlaýjysy bolan ilkinji adam

“Instagram” jemgyýetçilik torunda yzarlaýjylarynyň sany 500 million ýeten ilkinji adam futbolçy Kristiano Ronaldo boldy.

Portugal futbolçy “Instagram” jemgyýetçilik toruny komapniýasynyň öz resmi hasabyndan soňra iň köp yzarlaýjysy bolan ikinji adam boldy. “Instagram” jemgyýetçilik torunyň resmi hasabynyň 569 million yzarlaýjysy bar.

Ronaldonyň yzarlaýjylarynyň sany bolsa 500 milliona ýetdi. Bu görkeziji köpleri haýran galdyrdy. Katarda geçirilýän dünýä çempionatynda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edýän Ronaldo soňky geçiren söhbetdeşliginde “Mançester Ýunaýted” toparyny we onuň ýolbaşçylaryny hem-de tälimçisini tankytlamak bilen köpleriň ünsüni özünde jemläpdi.

Soňky birnäçe gün Ronaldo dünýäniň ähli gazet-žurnallarynyň hem-de internet neşirleriniň sahypalarynda bu söhbetdeşligi bilen orun aldy.

Futbol dünýäsiniň ençeme rekordlarynyň eýe bolan Ronaldo “Instagram” jemgyýetçilik torunda her bir ýerleşdirýän mahabat habarnamalaryndan 2,3 million dollar töleg alýar.

 

Related posts

«Beşiktaş» «Galatasaraýyň» ozalky futbolçysy bilen gyzyklanýar

“PSŽ” topary 12-nji gezek Superkubogy gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Leave a Comment