DÜNÝÄ

Rustam Minnihanow: Berekella “Ak dost”, Russiýanyň çempiony boldy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow “Ak dost” atly alabaý itiniň Russiýanyň Kinologiýa federasiýasy tarapynda ýurduň çempiony bolandygyny habar berdi.

– Jemgyýetçilik torundaky yzarlaýjylarymyz alabaý itimizi yzygiderli soraýarlar. Oňa berekella diýýarin. Ol iň ýokayr baýragy aldy. Ol Russiýanyň çempion boldy – diýip, Rustam Minnihanow “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berdi.

Ak reňkdäki alabaý iti Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Rustam Minnihanowa sowgat edilipdi.

Rustam Minnihanow bu alabaý iti bilen gezelenç edýän pursatlaryny her aý yzygiderli özüniň jemgyýetçilik torunda paýlaşýar. Türkmen alabaýy rus hem-de tatar jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Related posts

Putin prezidentlige dalaşgär bolar

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Ilçisi bilen Katar Döwletiniň Şura Geňeşiniň başlygynyň arasynda ýygnak geçirildi