BILIM

Resminamalar welaýat merkezlerinde kabul ediler

Türkmen döwlet medeniýet institutyna, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen mili konserwatoriýasyna we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna dalaşgärleriň resminamalarynyň welaýat merkezlerindäki ýörite sungat mekdeplerinde kabul edilip başlanandygyny habar berýäris.

«Türkmendemirýollary» agentliigniň otly gatnawlarynyň we 15-nji iýuldan başlap şäherara awtobus gatnawlarynyň wagtlaýyn çäklendirilendigi sebäpli, şeýle karara gelindi. Şonuň üçin hem ýokarda agzalan ýokary okuw mekdeplerinde okamak isleýän dalaşgärler indi resminamalaryny öz ýaşaýan welaýatynyň merkezi şäherindäki ýörite sungat mekdebinde ýerleşýän kabul ediş toparyna tabşyryp bilerler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleri bellige almak we täze okuw ýyly üçin giriş synaglaryny geçirmek baradaky resminamalara 3-nji iýulda gol çekipdi.    

Related posts

Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty: Talyp: 2021

vepa

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular