DÜNÝÄ

Putin: BRIKS-iň emeli intellekt boýunça alýansyny döretmegi teklip edýärin

Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilýän BRIKS sammitinde çykyş eden Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin BRIKS guramasynyň çäklerinde emeli intellekt boýunça bileleşigi döretmegi teklip etdi.

– BRIKS guramasynyň emeli intellekt boýunça alýansyny döretmek babatda rus tarapynyň teklibine ünsüňizi çekmek isleýärin. Onuň maksady emeli intellekt tehnologiýalaryny düzgünleşdirmekden ybarat bolup, onuň kanunylyga garşy ulanmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Russiýada işewür jemgyýetçiliginde bu ulgamda etika kodeksi kabul edildi – diýip, Wladimir Putin belledi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin sammitde eden çykyşynda: “Häzirki wagtda ylmy we tehnologiki öwrülişigiň we senagat öwrülişiginiň täze tapgyry çalt depginde bolup geçýär, bu bolsa döwrüň yzyndan ýetmegimizi we täze hiliň öndürijilik güýçlerini ösdürmegimizi talap edýär” diýip, BRIKS guramasynyň döwletleri bilen emeli intellekt mümkinçiligini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy