MEDENIÝET

Neşiriň täze goşundysy okyjylara ýetirildi

«Türkmenistan sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysy okyjylara ýetirildi.Türkmenistanyň Prezidentimiziň milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe we sanly ulgama geçirmek, internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna Türkmenistanyň gatnaşmagyny giňeltmek, elektron neşirleriň mahabatyndan girdeji almak, saýtlary hem-de beýleki web-serişdeleri döretmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly tarapyndan degişli işler geçirildi. Şonuň netijesinde «Türkmenistan sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysy okyjylara ýetirildi. Okyjylar e-goşundy bilen «www.metbugat.gov.tm» saýtynyň «gazetler» bölüminde tanşyp biler.

«Türkmenistan sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysy her hepdäniň duşenbe güni okyjylara ýetiriler. Ondaky materiallar türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanylyp, her bir makala habar žurnalistikanyň döwrebap talaplaryndan ugur alnyp taýýarlanylar. Şeýle-de,  Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen gyzykly materiallar elektron goşundyda mynasyp orun alar.

 

 

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy