MEDENIÝET

100 sagat nahar bişirip, rekord goýdy

Nigeriýaly aşpez Hilda Basseý Effiong Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Ol bu abraýly kitaba girmek üçin 100 sagat tagam taýýarlady.

27 ýaşyndaky aşpez Nigeriýanyň Lagos şäherinde ýaşaýar we ol 12-nji maýda nahar bişirmäge girişip, 100 sagat tagam taýýarlady we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol uzak wagtlap nahar bişirmek rekordyny täzeledi.

Mundan ozal, bu ugurda rekord hindistanly aşpez Lata Tondona degişlidi. Ol 2019-njy ýylda 87 sagat 45 minut tagam taýýarlap, rekord goýupdy.

Hilda perşenbe güni tagam taýýarlap başlap, bu işini duşenbe gününe çenli dowam etdirdi. Ol şu döwürde, ýagny 100 sagatda 55 tagamnama esasynda 100-den gowrak nahar bişirdi.

Ýene-de okaň

Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler

Bedewleriň halkara çäreleri üçin döwlet topary döredildi

Iýun aýy: Azerbaýjanyň medeniýet günleri we beýleki halkara günler

Türkmen halysynyň baýramy giňden bellener

Türkmenistan Ermenistanda 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy