SPORT

Mats Hummels “Roma” toparyna goşuldy

Germaniýanyň “Borussiýa” toparynyň goragçysy Mats Hummels Italiýanyň “Roma” toparynyň düzümine goşuldy. Bu barada italýan toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

Italiýanyň paýtagtynyň topary 35 ýaşyndaky nemes futbolçy bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Ol täze toparyna 15 belgili köýnekçede çykyş eder.

Mälim bolşy ýaly, Mats Hummels Germaniýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony boldy. Ol “Borussiýa” toparynyň düzüminde geçen möwsümde 40 duşuykda oýnady.

Related posts

Futbol çempionatlary haçan başlar?

Türkmen türgenleri 674 medala mynasyp boldular

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA-nyň Halkara okuw-maslahatyna gatnaşdy