SPORT

Gazagystanda Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlary başlaýar

8-nji sentýabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde V Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlaryna badalga berler. “Beýik sähralyklarda duşuşyk” şygary bilen geçirilýän oýunlar 14-nji sentýabra çenli dowam eder.

Çarwadar halklaryň milli sport görnüşlerini boýunça geçirilýän oýunlara 100-den gowrak döwletden 4 müňe golaý türgeniň hem-de 100 müňden gowrak syýahatçynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Astana şäherinde geçiriljek V Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlarynyň dowamynda at çapyşyklary, milli göreş, milli intellektual oýunlary, başa-baş göreş, ok atmak, elguşlary bilen aw awlamak, atly sporty, halk oýunlary ýaly sportuň 21 görnüşi boýunça gyzykly bäsleşikler gurnalar.

Umuman, V Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlarynyň guramaçylyk topary ýekebara sport görnüşlerinde birinji bolan türgenlere 1 müň dollar, ikinji bolanlara 620 dollar we üçünji bolanlara 415 dollar pul baýraklaryny berer.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynyň resmi topy Türkmenistana sowgat edildi

Messi finalda: dünýä çempionatyndaky rekordlary

Messili Argentina dünýä çempionatynda finala çykdy

Ispaniýa dünýä çempionatynyň ilkinji finalçysy

Dünýä çempionatynyň ilkinji finalçysy belli bolar

“Arkadag” topary Hindistanyň “Goa” topary bilen duşuşar