SPORT

Mareska “Çelsi” toparyna tälim berer

Enso Mareska Angliýanyň “Çelsi” toparynyň täze tälimçisi boldy. 44 ýaşyndaky hünärmen bilen 5 ýyl, 1 ýyl hem uzaltmak şerti bilen şertnama baglaşyldy. Täze tälimçi 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan işine girişer.

Italiýaly tälimçi mundan ozal, “Lester” toparyna tälim berýärdi. Bu topar bilen şertnamasynyň ýatyrylmagy üçin 10 million ýewrodan gowrak öwez tölegi tölendi.

Mareskanyň döwründe “Lester” topary Angliýanyň birinji ligasyndan ýokayr ligasyna gaýdyp geldi. Topar sanawda 10nji orny alyp, 46 duşuşykda 97 utuk jemledi.

Mareska “Çelside” Maurisio Poçettinonyň ornuna geçer. Poçettino bilen “Çelsi” toparynyň özara ylalaşygy esasynda şertnama ýatyrylypdy.

Related posts

Dünýä belli boksçy Muhammet Alynyň durmuşy boýunça serial düşüriler

Ata Watan Eserleri

Lihtştaýner futboly taşlady

Kirsti Kowentri – Halkara Olimpiýa Komitetiniň ilkinji zenan ýolbaşçysy