MEDENIÝET

Aşgabatda rus kinosynyň we animasion filmleriniň hepdeligi geçirilýär

3 — 5-nji iýun aralygynda Rus diliniň güni mynasybetli Aşgabatda rus kinosy we animasion filmleriniň hepdeligi geçirilýär.

Açylyş dabarasynda ussatlyk sapaklary, surat zolagy we çagalaryň ýaryşlary guraldy. Sagat 18:00-da bolsa «По щучьему велению» filmi görkezildi.

Rus kinosy we animasiýa filmleriniň hepdeliginiň galan günlerinde myhmanlar «Я делаю шаг», «Три Богатыря и Пуп Земли», «Руслан и Людмила. Больше, чем сказка» ýaly täze filmlere tomaşa etmek mümkinçiligi döredildi.

Rus kinosy we animasion filmleriniň hepdeliginiň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Roskinonyň, Rus öýüniň we Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen guralýar.

Related posts

Türkmenistanly sazandalar Özbegistandaky festiwalda birinji orny eýeledi

Lebap welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirilýär

Türkmenistanda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçiriler