SPORT

Şu gün Er-Riýadda ýylyň “boks” tutluşygy bolar

Şu gün gije Saud Arabystanyň Er-Riýad şäherinde professional boks boýunça ýylyň tutluşygy geçiriler. Ýarym agyr agramda dünýäniň absolýut çempiony ugrundaky tutluşykda ýeňlip görmedik rus türgenler Artur Beterbiýew bilen Dmitriý Biwol duşuşarlar.

Artur Beterbiýew 20 sany professional boks tutluşygyny geçirip, ýeňiş gazandy we “WBC”, “WBO” we “IBF” guşaklarynyň eýesidir.

Dmitriý Biwol hem 23 tutluşyk geçirip, ählisinde ýeňiş gazandy we ol hem “WBA Super” we “IBO” guşaklarynyň eýesidir.

Related posts

Dünýä belli tälimçi “Roma” toparyna tälim berer

Ýewro-2020 finaly: Italiýa – Angliýa

Litwaly türgen 38 ýyllyk rekordy täzeledi