SPORT

Makgregor: 29-njy iýunda tutluşyga çykyp bilerin

“UFC” derejesinde 2 agramda ozalky dünýä çempiony irlandiýaly Konor Makgregor 3 ýylky arakesmeden soňra täze tutluşygyna görýän taýýarlyk barada habar berdi. Irlandiýaly türgen kem-kemden şikesden gutulyp, ýaryşa gatnaşmak ýagdaýyna gelip başlaýandygyny mälim etdi.
– Men häzir türgenleşýärin. Şu ýylyň başynda türgenleşikler başlady. Nobatdaky tutluşygyň senesi 29-njy iýun bolar didip, pikir edýärin. Bu meniň maksadym, onuň üçin ýene-de 3,5 aý bar – diýip, Makgregor belledi.
Mälim bolşy ýaly, Konor Makgregor “MMA” düzgünleri boýunça tutuluşyklara 2021-nji ýlyyň tomsundan bäri gatnaşmaýar. Ol Dastin Porýe bilen geçiren tutluşygynda aýagyndan şikes alypdy. Täzeden gutulmagy üçin uzak wagt zerur boldy.
Konor Makgregoryň nobatdaky bäsdeşiniň Maýkl Çendler bolmagyna garaşylýar.

Related posts

Habib yzyna dolanýarmy?

Salah “Liwerpulda” soňky möwsümini geçirýär

Lempard “Ewerton” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy