SPORT

«Der Klassikeriň» ýeňijisi – «Bawariýa»

Häzirki wagtda dünýäde ýeke-täk dowam edýän futbol boýunça milli çempionatda gyzykly duşuşyklar dowam edýär. Germaniýanyň milli çempionatynyň 28-nji tapgyrynda çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşler «Borussiýa Dortmund» bilen «Bawariýa» toparlary duşuşdy. «Der Klassiker» derbisinde ýeňiş gazanan «Bawariýa» topary çempionlyga bir ädim golaýlady.

Futbol duşuşygy koronawirus ýokanjy zerarly aradan çykanlaryň hormatyna bir minutlyk dymyşlyk bilen başlady. Iki toparyň hem uly erjellik bilen oýnan duşuşygynda «Bawariýa» topary 43-nji minutda ýarymgoragçysy Ýozua Kimmihiň geçiren goly bilen 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde «Bawariýa» topary utuk sanyny 64, ikinji orunda barýan «Borussiýa Dortmund» bilen aratapawudy 7-ä çykardy.

“Bawariýanyň” kapitany derwezeban Manuel Noýer “Bundesligadaky” 400-nji duşuşygyny geçirdi.  20-nji maýda 34 ýaşly derwezeban topary bilen täze 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.

“Bawariýa” topary ýeňilmezlik duşuşyklaryny sany 14-e ýetirdi. “Bawariýa” toparyny indiki duşuşygyny 30-njy maýda öz meýdançasynda “Fortuna” topary bilen geçirer.

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň arasynda Germaniýanyň çempionaty arakesmeden soň başlan ilkinji çempionatdyr. Ähli duşuşyklar tomaşaçysyz we stadionda 322 adam bilen çäklendirilen görnüşde geçirilýär. Toparlar duşuşygyň dowamynda 5 futbolçy çalyşmak hukugyna eýedir.

Ýene-de okaň

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri