SPORT

Ukrainada futbol çempionaty başlaýar

Ukrainanyň Saglygy goraýyş ministrligi 30-njy maýdan başlap, ýurduň “Premýer liga” milli futbol çempionatyny hem-de Kubogynyň futbol duşuşyklaryny geçirmäge rugsat berdi.

Bu barada, Ukraina Futbol federasiýasynyň prezidenti Andreý Pawelko “Facebook” jemgyýetçilik torundaky hasabyndan mälim etdi.

Mart aýynyň ortalarynda koronawirus pandemiýasy sebäpli Ukrainanyň futbol çempionatynyň togtadylandygyny bellemek gerek.

Futbol çempionatyny 29-njy iýulda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Häzirki ýagdaýda çempionatda “Şahtýor” topary 59 utuk bilen öňde barýar.

Related posts

Çempionlar Ligasy: Lewandowski taryha girdi

Ata Watan Eserleri

Arnold baýraga mynasyp boldy

Türkmenistan “Ýüpek ýoly-2022” rallisine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri