SPORT

“Barselona” topary baş tälimçisiniň şertnamasyny uzaltdy

Ispaniýanyň “Barselona” topary baş tälimçisi germaniýaly hünärmen Gans-Diter Flik bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy. Bu möwsümde german hünärmeniň tälimçiliginde ispan topary Ispaniýanyň çempiony boldy, şeýle hem ýurduň Kubogyny we Superkubogyny gazandy.

60 ýaşyndaky hünärmen bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli täze şertnama baglaşyldy. Flik 2024-nji ýylyň maýynda “Barselona” toparyna tälimçilige bellenipdi.

German hünärmen mundan ozal, Germaniýanyň “Hoffenhaým” we “Bawariýa” toparlaryna tälim beripdi we Germaniýada çempion, Germaniýanyň kubogyny we Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanypdy.

Şeýle hem Flik 2021-nji ýylyň awgustyndan 2023-nji ýylyň sentýabry aralygynda Germaniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi boldy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy

Futbol boýunça dünýä çempionaty tomaşaçy sany boýunça rekord goýdy

Dünýä çempionatynda urlan gollar boýunça täze rekord goýuldy