SPORT

Türkmen kikboksçylary Budapeştde 5 medal gazandylar

Türkmen türgenleri kikboksing boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Dünýä Çempionatyna gatnaşdylar. Çempionat Wengriýanyň paýtagty Budapeştde 23-nji awgust 1-nji sentýabr aralygynda geçirildi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Çempionata dünýäniň 70-e golaý döwletinden 3100 türgen gatnaşdy. Ýurdumyzyň adyndan bolsa, kikboksing federasiýasynyň başlygy Orazmuhammet Kömekowyň ýolbaşçylygynda 17 türgen, iki tälimçi gatnaşdy.

20240831_165800.jpg

Netijede türgenlerimiz Ymamguly Rejepow, Salamathan Baltaýew, Nepes Bäşimow degişli agram derejelerinde kick light, low kick boýunça tutluşyp, bürünç medela mynasyp boldular.

Serdar Bekenow full contact görnüşi boýunça 51 kg agramda 3 tutluşyk geçirdi. Türgenimiz kümüş medala eýe boldy.

Jasurbeg Ahmedow kik laýt görnüşi boýunça 37 kg agramda çykyş etdi. 4 gezek üstünlikli tutluşan türgenimiz altyn medala eýe bolmagy başardy.

Bulardan başga-da ýedi sany türgenimiz çempionatda üstünlikli çykyp edip, ýeňijileriň ilkinji bäşligine girmegi başardylar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy