DÜNÝÄ

Hytaý ekinleri emeli ýagyş bilen guraklykdan goramak isleýär

Adaty bolmadyk yssy howalar sebqpli Hytaýyyň hökümeti emeli ýagyş bilen oba hojalygyndaky hasyly gorap saklamagy maksat edinýärler. Bu barada Hytaýyň Oba hojalygy ministrligi habar berýär.

Ministrligiň resmi saýtynda bellenilip geçilişi ýaly, ýurduň ýolbaşçy düzümi emeli ygaly artdyryp, oba hojalyk ekinlerini guramakdan halas etmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem oba hojalek ekinlerine suw saklaýjy goşunlary bermek bilen ygalyň çalt bugaryp gitmeginiň öňüni almak göz öňünde tutulýar.

Öňümizdäki 10 günüň ýurduň günorta welaýatlarynda hasyly gorap saklamak üçin diýseň möhümdigi bellenildi.

Şu ýylky tomus Hytaýda soňky 61 ýylyň iň yssy pasyllarynyň biri bolýar. Syuçan we Hubeý welaýatlarynda müňlerçe gektar ýerler yssy howa zerarlar gurady.

Hytaý Halk Respublikasynda oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň möçberiniň azalmagynyň dünýä ykdysadyýetine ýetirjek täsiriniň hem uly bolmagyna getirjekdigi bellenilýär.

Related posts

Göwher daşy 40 million dollara satyldy

Gazagystanyň Prezidenti Ýaponiýada saparda bolar

Türkmenistanyň we Kipriň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi