JEMGYÝET

Haj zyýaratyna welosipedli

Britaniýaly musulmanlaryň bir topary Haj zyýaratyny amala aşyrmak üçin London şäherinden Saud Arabystanyna sary ýola düşdi diýip, «Yslam we maşgala» portaly habar berýär.

8 adamdan ybarat topar 6,5 müň kilometrlik ýolda 17 döwletiň üstünden geçerler. Olaryň bu syýahaty «Tour de Haj» diýlip atlandyrylýar. 7-nji iýunda London şäherinden ýola düşen syýahatçylar 60 günüň içinde Medinä baryp ýetmegi meýilleşdirýärler.

Türk metbugatynyň habar bermegine görä, topar 15-nji iýulda Stambul şäherine gelip ýetdi. Olary ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Dolmabahçedäki kabulhanasyndan kabul etdi. Topar bu ýerde Prezident bilen surata düşdi.

Syýahatçylar ýolugra Türkiýede Bursa we Konýa şäherlerine-de baryp görmekçi. Soňra olar uçar bilen Müsüre sary ýola düşmekçi. Müsürden soňra ýol ýene-de welosipedli dowam etdiriler.

Related posts

Saud Arabystanynda türkmen halylarynyň dükany açylar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Monako Knýazlygyna sapary başlandy

Afyonkarahisar Belediye Başkanı Çoban: Petrolümüz yok ama termal suyumuz var

vepa