JEMGYÝET

Gurban Baýramynyň senesi kesgitlendi

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenlstanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Gurban baýramyny 2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda, 1-2-nji awgustynda bellemeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Aşgabat şäheri 2020-nji ýylyň 27-nji iýuly

Gurban Baýramy : Maşgalaňyz bilen öýde geçiriň!

Related posts

2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüni açmak meýilleşdirilýär

Hiç haçan bir öz güýjüňize bil baglamaň!

vepa

Meksika KONKAKAF Altyn Kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri