SPORT

“Fenerbahçe” topary Ederson we Asensiony satyn aldy

Ýewropanyň öňdebayrjy futbol çempionatlarynda tomusky transfer möwsümi tamamlandy. Şol döwürde toparlar öz düzümlerini güýçlerndirdiler. Käbir toparlar futbolçylary bilen hoşlaşdy, käbiri täze futbolçylary satyn aldylar.

Meşhur portugal tälimçi Žoze Mounrinýo bilen şertnamasyny wagtyndan öň ýatyran Türkiýäniň “Fenerbahçe” topary düzümini 2 sany meşhur futbolçy bilen güýçlendirdi. Türk topary Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň brazil derwezeçisi Edersony hem-de Fransiýanyň “PSŽ” toparyndan ispan futbolçy Asensiony satyn aldy.

7 ýyl iňlis toparynyň derwezesini goran Ederson “Fenerbahçe” topary şertnama baglaşdy.

Şeýle hem türk topary “PSŽ” toparynyň ýarymgoragçysy Asensio bilwn 3 ýyllyk şertnama baglaşdy we şertnamada onuň möhletini 1 ýyl uzaltmak hem göz öňünde tutulýar. Transferiň bahasy 15 million ýewro deň boldy.

Mundan başga-da, Türkiýäniň “Fenerbahçe” topary Portugaliýanyň “Benfika” toparyndan çykyş edýän türk futbolçy Kerem Aktürkogluny hem satyn aldy.

Bu türk futbolçy Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparynyň UEFA Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna çykmagyna päsgelçilik beripdi. Ol “Benfika” topary bilen geçirilen duşuşykda gol geçirip, portugal toparynyň ýeňiş gazanmagyna mümkinçilik beripdi.

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler