SPORT

2-nji iýul ― Sport žurnalistleriniň halkara güni

1995-nji ýyldan bäri her ýylyň 2-nji iýulynda Sport žurnalistleriniň halkara güni bellenilýär. Pursatdan peýdalanyp, «Atavatan-Türkmenistan» halkara žurnalynyň resmi saýty kärdeşlerimizi bu şanly sene bilen gutlaýar.

Sport žurnalistleriniň halkara gününiň özboluşly taryhy bar. Mundan 97 ýyl ozal, has takygy, 1924-nji ýyl 2-nji iýulynda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde Sport žurnalistleriniň halkara assosiasiýasy döredildi.

Bu assosiasiýa bir asyra golaý wagtyň dowamynda üstünlikli işläp, dünýäniň iri sport wakalarynyň jümmüşinde boldy. Ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, assosiasiýanyň döredilen güni 1995-nji ýyldan bäri halkara derejeli baýram hökmünde bellenilýär.

 

Günden goranmak möhümdir!

 

 

Related posts

Çempionlar ligasy: “Çelsi” üçin kyn bolan 10 minut

Ata Watan Eserleri

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Taýson ringe dolanýar