DÜNÝÄ

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy

Eýrandan Türkmenistana gelen 25 hytaý raýatyndan ybarat bolan birinji topar öýlerine ugrady. Bu barada Hytaýyň “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär.

Sişenbe güni agşam gelen hytaýly raýatlar Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň halkara howa menziline geldiler. Ol ýerde Hytaýyň ilçihanasynyň iş topary olara uçara hasaba durmakda kömek berdi. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wagtlaýyn ynanylan wekili Çžun Hua howa menzilinde hytaý raýatlary bilen duşuşyp, olara öz duýgudaşlygyny we goldawyny bildirdi.

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habaryna görä, sişenbe güni öýlän ýerli wagt bilen Eýrandan gelen Hytaýyň raýatlarynyň bir topary “Sarahs” serhet geçelgesiniň üsti bilen Türkmenistana geldiler.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaýlardan soňra Türkmenistanyň döreden ynsanperwer geçelgelerinden Russiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň raýatlary peýdalanýarlar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar