DÜNÝÄ

“Ýubari” gawunynyň ilkinji hasyly: 25 müň dollara satyldy

Ýaponiýanyň Hokkaýdo prefekturasynyň Sapporo şäheriniň Ýubari etrabynda ýetişdirilýän we bu etrabyň adyny göterýän “Ýubari” gawunynyň ilkinji hasyly ýetişdi. Bu hasyl müşderilere hödürlendi.

Sebitde ýetişdirilen 260-dan gowrak gawun satuwa çykarylýar.  Onuň ilkinji hasylyny yerli “Hokuyupack Co.” firmasy 3.5 million ýen, takmynan 25 müň dollara satyn aldy.

Gawunlar iýun aýynyň birinji hepdesinde satuwa çykarylar. Etrapdaky oba hojalyk jemgyýetindäki daýhanlar üstümizdäki ýyl bu gawunlaryň söwdasyndan 1,93 milliard ýen (13,6 million dollar) gazanmagy meýilleşdirýär.

“Ýubari” gawunlary möwsümdäki ilkinji hasylynyň iň gymmady 2019-njy ýylda satylypdy. Şonda oňa 5 million ýen tölenipdi.

Related posts

Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky täze Hemişelik wekili wezipesine girişdi

Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Bir gezeklik plastik gaplardan ýüz öwrer

Leave a Comment